Sepleriň elýeterliligi

Obama bilen Karzaý strategik ylalaşyga gol çekişdi


Obama bu duýdansyz saparynda sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy hem 2014-nji ýylda halkara goşunlary ýurtdan çykarylandan soň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak şertnama gol goýdy.

Obama bu duýdansyz saparynda sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy hem 2014-nji ýylda halkara goşunlary ýurtdan çykarylandan soň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak şertnama gol goýdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “urşuň wagtynyň” tamamlanandygyny we “Al-Kaýda” toparynyň ýeňilmegiň bosagasynda durandygyny aýtdy.

Prezident Obama bu barada Owganystanyň Bagram harby uçar bazasynda eden çykyşynda aýtdy: “Meniň egindeşlerim amerikalylar, biz eýýäm on ýyl bäri urşuň gara buludynyň aşagynda gezýäris. Emma häzir Owganystanda daň tümlüginde menzilden täze günüň şöhleleri görnüp başlady” diýdi.

Obama bu duýdansyz saparynda sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy hem 2014-nji ýylda halkara goşunlary bu ýurtdan çykarylandan soň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak şertnama gol goýdy. Şertnamada howpsuzlyk, dolandyryş we ykdysady pudaklardaky meseleler göz öňünde tutulýar.

Resminamada Waşingtonyň Owganystanda belli bir sanda esgerleri saklamagy kesgitlenilmedi, emma şertnama laýyklykda uruş gutarandan soň hem ABŞ-a ýurtda öz goşunlaryny saklamaga mümkinçilik berilýär.

“Munuň çäklerinde biz owganlylar bilen birlikde işleşip, 2014-nji ýyldan soň iki sany möhüm howpsuzlyk meselesini, ýagny terrorizme garşy göreşi we tälim bermegi nähili görnüşde gurnamalydygyny kesgitläris” diýip, Obama aýtdy. “Ýöne ýurtda hemişelik bazalar bolmaz. Şeýle-de ýurduň daglarynda we şäherlerinde gözegçilik işleri alnyp barylmaz. Muny soňra owgan halkynyň özi amala aşyrar.”

Şertnamada Waşingtonyň anyk näçe pul serişdelerini çykarjakdygy kesgitlenmedik bolsa-da, resminama laýyklykda, ýurtdan halkara goşunlary çykarylandan soň, Kabula on ýylyň dowamynda maliýe kömegi berler.

Ak Tamyň aýtmagyna görä, ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, owgan tarapy “ygtybarlylygy we açyklygy üpjün etmegi, şeýle-de aýallaryň hem erkekleriň haklaryny deň goramagy” öz üstüne alýar.

ABŞ-nyň prezidenti özüniň çykyşynda, şu aýyň ahyrynda Çikagoda geçiriljek NATO-nyň sammiti barada hem durup geçdi. Obama sammitiň dowamynda 2013-nji ýylda Owganystanyň aglaba böleginde howpsuzlygy ýerli owgan güýçleriniň öz üstlerine almak meselesiniň hem maslahat ediljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da tankytçylar, halkara güýçleri çykarylandan soň, ýerli güýçleriň “Talyban” söweşijileriniň hüjümleriniň garşysyna durmak mümkinçiliklerine şübhe bilen garaýarlar.
XS
SM
MD
LG