Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada parlament saýlawlary geçirilýär, oppozisiýa boýkota çagyrýar


Siriýada parlament saýlawlarynda ses berişlik başlandy.

Assadyň režimine garşy 2011-nji ýylyň mart aýynda başlanan gozgalaňlara jogap edip, prezident Başar al-Assadyň hökümeti 50 ýyldan gowrak wagtdan soň ýurduň ilkinji köppartiýaly saýlawlaryny yglan etdi. Bu Assadyň hökümetiniň syýasy reformalary geçirmäge ylalaşygynyň bir bölegidir.

Saýlawlaryň öň ýanynda dokuz sany syýasy partiýa döredildi, olaryň ýedisi öz kandidatlaryny hödürlediler.

Siriýanyň döwlet habar serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, parlamentde 250 orny eýelemek üçin 7,195 kandidat bäsleşýär.

Oppozisiýa bu saýlawlary “aldaw” diýip atlandyrdy.

BMG-niň hasabatyna görä, Siriýada 14 aý bäri dowam edýän gozgalaňlarda 9 müňden gowrak adam öldürilipdir. Olaryň aglabasynyň parahat ilatdandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG