Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada we Gresiýada saýlawçylar “täze lageri” saýladylar


Gresiýanyň Marafon şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň birinde ýerli ýaşaýjy saýlaw kabinasyndan ses berip çykýar, Gresiýa, 6-njy maý, 2012.

Gresiýanyň Marafon şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň birinde ýerli ýaşaýjy saýlaw kabinasyndan ses berip çykýar, Gresiýa, 6-njy maý, 2012.

Şu geçen ýekşenbe güni Fransiýadaky prezidentlik saýlawlarynda we Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda ses berijileriň maliýe tygşytlaýyş çärelerine garşy çykyş edýän syýasatçylary goldap ses bermekleri umumy bir tendensiýa hökmünde alamatlandy.

Fransiýadaky prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Fransua Olland öz saýlaw kampaniýasynda Nikolýa Sarkoziniň we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň maliýe tygşytlaýyş syýasatyny tankytlap geldi.

Ol Ýewropany häzirki ykdysady çökgünlikden haýsydyr bir düýpli tygşytlaýyş çäreleriniň däl-de, eýsem ösüş çäreleriniň çykarjakdygyny nygtaýar.

Ýekşenbe güni giçlik öz gazanan ýeňşi bilen baglanyşykly eden çykyşynda-da Fransiýada prezidentlige saýlanan Fransua Olland öz öňde duran missiýasynyň “Ýewropanyň proýektine ösüş, iş bilen üpjünçilik we rowaçlyk goşmakdan” ybarat boljakdygyny nygtady.

Gresiýada sagçylar goldanyldy

Edil şol gün Ýewropada ykdysady krizisiň iň uly zarba uran ýurdy hasaplanylýan Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda-da tygşytlaýyş çärelerine garşy çykyş edýän syýasy partiýalar saýlawçylaryň sesleriniň tas ýarsyna golaýyna eýe boldular.

Munuň özi tygşytlaýyş çärelerini öňe sürüp gelýän hökümete berlen özboluşly bir jeza hökmünde alamatlandy.

Bu saýlawlaryň ertesi güni Gresiýa bilen Fransiýadaky tygşytlaýyş syýasaty bilen baglanyşykly nämälimlikler sebäpli ýewro pul birliginiň hümmeti soňky üç aýdaky iň pes derejesine düşdi.

Grek parlamenti nämälimlikde

Gresiýadaky bu parlament saýlawlarynda maliýe tygşytlaýyş çäreleriniň tarapyny tutup gelýän hökümet özüniň parlamentdäki agdyklyk ediji roluny ýitirdi we sagçy güýçler soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek parlamentde agdyklyk ediji orna eýe boldular.

Ýöne tygşytlaýyş çärelerine hem-de Ýewropanyň banklaryndan yzygiderli karz alynmagyna garşy çykyş edýän bu sagçy güýçleriň parlamentde dolandyryjy koalisiýany döretmekleri üçin olaryň orun sany doly ýeterlik däl.

Beýleki tarapdan, olar tygşytlaýyş çärelerini we karz alynmagyny goldap gelýän çepçi güýçler bilen koalisiýa döretmek hem islemeýärler.

Gresiýanyň parlamentinde ýüze çykan bu gapma-garşylykly ýagdaýdan çykalga tapylmasa, onda ýakyn wagtlarda parlament saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG