Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow: “Utuldyk, ýöne mertebeli utuldyk”


Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň baş treneri Amanmyrat Meredow metbugat konferensiýasynda, 9-njy maý.
Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň baş treneri Amanmyrat Meredow metbugat konferensiýasynda, 9-njy maý.
Çarşenbe güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň “Balkan” komandasy Täjigistanyň “Ystyklol” komandasy bilen duşuşdy.

Çekeleşikli geçen bu oýunda ýerli täjigistanly futbolçylar Türkmenistanyň komandasyndan 2:1 hasap bilen üstün çykdylar. Mundan öň şenbe güni Türkmenistanyň “Balkan” komandasy şu “C” toparynda oýnaýan Palestinanyň “Al Amari” futbol komandasyndan hem 1:2 hasap bilen utulypdy.

Oýundan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň baş treneri Amanmyrat Meredow çykyş etdi: “Şu günki oýunda biziň bagtymyzyň çüwmändigini anyk aýdyp biljek. Futbolda şeýle bir düzgün bar: eger gol geçirmeseň, onda seňkä geçirerler. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, şu günki oýunda oglanlar gowy çykyş etdiler. Biziň hiç hili närazylygymyz ýok, ýöne oglanlar oturyp agladylar. Şowsuzlyk boldy”.

please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00
Ýükle


“Şu ýerde bäsleşik gurnandyklary üçin, hemmelere – žurnalistlere, Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň gurnaýjylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Täjigistanyň halky örän myhmansöýer, bizi hem goldadylar, beýleki tarapy hem goldadylar, biz ony eşitdik. Şonuň üçin, ähli oýunçylarymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin. Elbetde, utuldyk, ýöne mertebeli utuldyk” diýip, Meredow aýtdy.

Suratlar: "Balkan" topary Duşenbede geçirilen oýunlarda

Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň baş treneri Amanmyrat Meredow Täjigistanyň “Ystyklol” toparynyň oýnuna hem ýokary baha berip, bu toparda ýewropaly treneriň eliniň bardygynyň duýulýandygyny aýtdy. “Ystyklol” toparynyň baş treneri serbiýaly Nikola Kawazowiçdir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň komandasy ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy. “C” toparynda yzly-yzyna iki oýunda üstünlik gazanan Täjigistanyň “Ystyklol” komandasy bolsa Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň indiki tapgyryna çykdy.
XS
SM
MD
LG