Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýasy halkara derňewiniň geçirilmegini isleýär


Anna güni Siriýanyň oppozision söweşijileri Damask şäherinde amala aşyrylan iki sany uly partlama boýunça halkara derňewiniň geçirilmegine çagyryş etdi.

Penşenbe güni Damaskda amala aşyrylan şol iki sany güýçli partlamada azyndan 55 töweregi adam ölüp, 370 töweregi adam ýaralandy.

“Siriýanyň Azat Armiýasy” atly oppozision söweşjeň topary öz ýaýradan beýanatynda halkara jemgyýetçiligini Damaskdaky partlamalary gurnaýjylary anyklamak boýunça derňewçileri ýollamaklyga çagyrypdyr.

Anna güni Tokioda eden çykyşynda Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň başlygy Burhan Galion hem Siriýanyň režimini BMG-nin we Arap Ligasynyň parahatçylyk planyny ýok etmeklige çalyşýanlykda aýyplady.
XS
SM
MD
LG