Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda protestçiler ýygnak azatlygyny talap edýärler


Azerbaýjanyň oppozisiýa partiýalary Bakuda rugsatsyz demonstrasiýa geçirdiler. Olar Bakuwyň merkezinde köpçülikleýin ýöriş geçirmäge rugsat bermeklerini häkimiýetlerden talap etdiler.

Onlarça aktiwist “Halk Palatasy” diýlip atlandyrylan topara goşulyp, duşenbe güni Bakuwyň merkezindäki meýdançada ýygnandylar we häkim Hajibala Abutalibowyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Polisiýa protestçileriň häkimlige barmaklarynyň öňüni aldy we ýörişe gatnaşan birnäçe aktiwisti tussag etdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bu gapma-garşylykly wakanyň şaýady boldular.

Bu waka şu aý “Halk Palatasy” tarapyndan geçirilen ikinji protestdir. Bu topar 22-23-nji maýda Bakuda geçirilýän “Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşigine gabatlap, Azerbaýjanda adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy köpçülikleýin protest geçirmegi planlaşdyrýar.

Mundan ozal häkimiýetler protestçilere Bakuwyň eteginde ýöriş geçirmäge rugsat beripdi.
XS
SM
MD
LG