Sepleriň elýeterliligi

Baron Koen ekrana diktatoryň keşbinde dolanyp geldi


Britan wäşisi Saşa Baron Koen bütin dünýäde ýiti ýumory bilen meşhurlyk gazandy.

Britan wäşisi Saşa Baron Koen bütin dünýäde ýiti ýumory bilen meşhurlyk gazandy.

Britan wäşisi Saşa Baron Koen bütin dünýäde ýiti ýumory bilen meşhurlyk gazandy. “Borat” we “Bruno” atly meşhur kinolaryň ýyldyzy bu gezek ekrana öz raýatlaryny demir penjede saklamaga dyrjaşýan gözçykgynç bir diktatoryň keşbinde dolanyp geldi.

Ýöne “Diktatory” görkezmelimi ýa ýok?

Siz “Diktatordan” aljak zadyňyzy perde syrylyp, Demirgazyk Koreýanyň merhum lideri Kim Çen Iriň ýalpyldawuk suratyna gözüňiz düşen badyna duýmaly. Bu film, aýdylmagyna görä, şonuň “eziz ýadygärligine” bagyşlanyp döredilipdir.

“Borat” filmi özleriniň ýaňsa alynýandygyny ýaňzydyp, tomaşaçylary oňaýsyz bir ýagdaýa salan bolsa, “Diktator” filminiň degişme-kinaýalary kinossenaride hem, surata düşürilişinde hem esasan Holliwud däplerine daýanýar.


"Diktator" filminiň resmi tanyşdyrylyş wideosy

Baron Koeniň “Diktatordaky” obrazy, Demirgazyk Afrikanyň toslama Wadiýa döwletiniň Admiral generaly Aladin dünýäniň ýakasy gaýyşly awtokratlarynyň birnäçesiniň garyşdyrylan gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýär.

Liwiýanyň merhum polkownigi Muammar Kaddafi ýaly, Aladin ýaş hem syrdam aýallardan düzülen janpenalar topary bilen gezýär. Yragyň merhum prezidenti Saddam Hüseýin ýaly, ol öz ýakynlaryna we hantamalara elini ogşadýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, özüne “Türkmenbaşy” diýdiren we aý, hepde atlaryny üýtgedip, ýanwara öz adyny, aprele ejesiniň adyny dakan merhum Saparmyrat Nyýazow ýaly, Aladin Wadiýa dilindäki “oňyn”, “tersin” ýaly möhüm sözleri öz ady bilen çalşyrdýar. “Sen aladin habaryny isleýärsiňmi ýa-da birinji aladin habaryny?” diýip, doktor haldan gaçan näsagdan soraýar. “Siz HIV – aladin.”

Wadiýanyň “söýgüli sütemkäri” öz global ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýadro ýaragyny edinmegiň yşgyna düşýär. “Her kimde biri bar” diýip, ol kömekçisine aýdýar. “Hatda Mahmut Ahmedinejatda hem, ýogsam ol “Maýami Waýsdäki” şugulça çalym edýär”. (1980-nji ýyllaryň telegepleşigi ‘Miami Vice’ göz öňünde tutulýar.)

Aladin Nýu-Ýorka, BMG-niň öňüne gelmäge mejbur edilýänçä edenini edip gezýär. Ýöne ol bu ýerde Hamid Karzaýa meňzeş biriniň Wadiýany demokratiýa öwrüp, onuň nebit bähbitlerini günbatar, rus we hytaý firmalaryna satmak planynyň pidasyna öwrülýär.

Gynalyp öldürilmeli edilen Aladin ölümiň öýünde tussaglykdan gaçyp, Brýuklinde organiki önümleri satýan hukuk aktiwistiniň dükanynda pena tapýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG