Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen goşuny nähili meseleleri çözmeli?


"Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň her bir maslahatynda türkmen armiýasynyň reforma edilýändigi aýdylýar".
"Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň her bir maslahatynda türkmen armiýasynyň reforma edilýändigi aýdylýar".
Azyndan aýda bir gezek geçirilýän Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň her bir maslahatynda türkmen armiýasynyň reforma edilýändigi aýdylýar. Şeýle hem, goranyş makady bilen goşunyň kuwwatyny artdyrmak üçin, onuň iň häzirkizaman harby tehnikalary bilen üpjün edilýändigi, harby gullukçylaryň – esgerleriň hem ofiserleriň sosial-durmuş şertleriniň, tertip-düzgüniniň gowulandyrylýandygy nygtalýar.

Ýurduň dürli ýerlerinden gowuşýan maglumatlarda-da, Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende, hakykatdan-da, häzir goşunda esgerleriň üst-başynyň, iýmitiniň,umuman, durmuş şertleriniň birneme gowulaşýandygy, tertip-düzüniň hem gowulyga tarap özgerendigi, esgerlige ugratmak, gulluk borjuny bitirenleri garşylamak bilen bagly gowy däp-dessurlaryň bardygy bellenilýär.

Şol bir wagtda-da, goşun, gulluk, gullukdaky özara gatnaşyklar bilen bagly dowam edýän dürli kynçylyklaryň, çözülmedik problemalaryň bardygy dogrusynda-da maglumatlar gowuşýar.

Türkmen goşunynda çözgüdine garaşýan nähili meseleler bar? Alternatiw gulluga nähili zerurlyklar bar? “Dedowşina” näme üçin goşunda saklanyp galýar, ony aradan aýyrmak üçin nähili çäreler görülmeli? Türkmenistanda professional armiýa döretmäge wagt ýetdimi?

Şu temadan geçirilen Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG