Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň täze parlamenti resmi ýagdaýda dargadyldy


Gresiýada gaýtadan geçiriljek parlament saýlawlarynyň bosagasynda, şenbe güni Gresiýanyň parlamenti resmi ýagdaýda dargadyldy.

Şu aýyň başynda geçirilen ozalky parlament saýlawlarynda hiç bir partiýa parlamentde orunlaryň köplügine eýe bolup bilmedi. Ýewropadan kredit almak meselesinde bar bolan oňşuksyzlyklar sebäpli, bu partiýalar parlamentde özara koalisiýa hem döredip bilmediler.

Netijede, parlament saýlawlaryny 17-nji iýunda gaýtadan geçirmeklik karar edildi. Synçylar ikilenji tapgyr saýlawlarda Ýewropadan karz alynmagyna garşy çykyş edýän partiýalaryň has köp ses almaklarynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG