Sepleriň elýeterliligi

Serbiýanyň täze prezidenti ilkinji saparyny Moskwadan başlar


Serbiýanyň täze saýlanan prezidenti Tomislaw Nikoliç penşenbe güni özüniň bu wezipedäki ilkinji resmi saparyny Moskwadan başlajakdygyny mälim etdi.

Tomislaw Nikoliçiň Progressiw Serbiýa partiýasynyň resmileriniň sözlerine görä, prezident Nikoliç şu hepdäniň şenbe güni Moskwada prezident Wladimir Putin bilen duşuşar.

Orsýetiň mediasy Serbiýanyň prezidentiniň Moskwa etjek saparynyň dowamynda onuň Orsýetiň “Edinaýa Rossiýa” partiýasynyň kongresinde çykyş etmeklige-de çagyrylandygyny habar berýär.

Geçen ýekşenbe güni Serbiýada gaýtadan geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Tomislaw Nikoliç ýurda iki tapgyr prezidentlik eden Boris Tadiçden üstün çykypdy.
XS
SM
MD
LG