Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürliler saýlaw netijelerine garaşýarlar


Müsürli zenanlar saýlaw uçastogynda, Kair, 24-nji maý.
Müsürli zenanlar saýlaw uçastogynda, Kair, 24-nji maý.
Müsürliler geçen hepdede bolan prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garaşýarlar.

Resmi bolmadyk deslapky maglumatlara görä, “Musulman Doganlygy” toparyndan kandidat Mohammet Morsi we häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri Ahmed Şafik degişlilikde birinji we ikinji ýerleri eýeläp, 16-17-nji iýunda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyryna çykarlar.

Morsi we Şafik, şeýle-de çepçi “Al-Karamah” partiýasyndan kandidat Hamdin Sabbahi 23-24-nji maýda geçirilen ses berilşikde bidüzgünçiliklere ýol berildi diýip şikaýat etdiler.

12 kandidat gatnaşdy

“Musulman Doganlygy” toparyndan kandidat Mohammet Morsi (çepde) we häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri Ahmed Şafik
“Musulman Doganlygy” toparyndan kandidat Mohammet Morsi (çepde) we häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri Ahmed Şafik
2011-nji ýylyň fewralynda Hosni Mubarek häkimiýetden çetleşdirilenden bir ýyl çemesi wagtdan soň geçirilýän saýlawlara 12 kandidat gatnaşdy. Ses berişligiň açyk we parahatçylyk ýagdaýda geçendigi aýdylsa-da, gowuşýan maglumatlara laýyklykda, saýlaw müsürlileri bölene meňzeýär. Köp ýaşaýjylar, eger-de Şafik ýeňiş gazansa, onda Mubaregiň režiminiň ýaňadan hökümete gelmeginden howatyr edýärler. Emma Şafigiň özi Kairde ýygnanan ýaşlaryň öňünde çykyş edip, “yza gaýtmanyň bolmajakdygyny” aýtdy.

Şafik: “Meniň öň hem aýdyşym ýaly, meniň ellerim müsürliler üçin açyk. Men ähli syýasy taraplar bilen gepleşiklere taýýar. Şol bir wagtyň özünde men halkyň tarapyna ýykgyn etmäge çagyrýaryn. Men siziň ähliňizi bu çärä goşulmaga çagyrýaryn” diýdi.

Eger-de konserwatiw yslamçy Morsi ýeňiş gazansa, onda “Musulman Doganlygynyň” häkimiýetdäki täsirini has-da güýçlendirmegi mümkin. Bu topar şu ýylyň başynda geçirilen saýlawlarda parlamentdäki orunlaryň ýarpysyny eýelemegi başardy.

Saýlawlaryň resmi netijeleriniň duşenbe ýa-da sişenbe güni yglan edilmegine garaşylýar. Resmi “Mena” habar agentligi ses berişlige gatnaşygyň 50% töweregi bolandygyny aýdýar.

Geçiş

Mubarek häkimiýetden çetleşdirilenden soň ýurdy dolandyrýan Ýaragly güýçleriň Ýokary harby geňeşi iýunyň ahyrynda häkimiýeti täze saýlanan prezidente geçirmegi wada beripdi.

Müsürde Konstitusiýanyň täze görnüşi kabul edilmänsoň, häzirlikçe prezidentiň nähili ygtyýarlyklarynyň boljakdygyny aýtmak kyn. Käbir çaklamalara görä, harbylaryň häkimiýeti özlerinde saklamaga synanyşmagy-da mümkin.

Mubarek prezidentlikden çetleşdirilenden soň, generallar häkimiýet başyna geçeli bäri ýurtda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ençeme ganly çaknyşyklar ýüz berdi.

Müsürlileriň köpüsi rewolýusiýadan soň ýagdaýlaryň ýaýbaňlanyş ugruna lapykeçlik bilen garaýarlar. Olar ýurduň ykdysadyýetiniň petige dirändigini, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň peselendigini we jenaýatyň artandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG