Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty


Institut aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Sport (hünärler: sport, sport žurnalistikasy, ýokary derejeler sporty, bedenterbiýe, sagaldyş işi).

2. Syýahatçylyk (hünärler: myhmanhana işewürligi, syýahatçylyk işewürligi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary:

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- sportsmeniň kämillik kitapçasy (sport, ýokary derejeler sporty, bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi hünärleri boýunça I derejeden pes bolmadyk) we sport mekdebinden hödürnama (sport ugruna okuwa girýänler üçin);

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary:

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sport ugry — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 17 görnüşiniň birinden tassyklanan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa;

syýahatçylyk ugry — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Biologiýa, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty we Mukaddes Ruhnama derslerinden giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýärler.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- Türkmenistanyň “Olimp” orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

- Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary.
XS
SM
MD
LG