Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda awtobus heläkçiliginde 20 töweregi adam heläk boldy


Pakistanda toý dabarasy mahaly jülgä gaçan awtobus. 04.06.2012 ý.

Pakistanda toý dabarasy mahaly jülgä gaçan awtobus. 04.06.2012 ý.

Pakistanda toý dabarasy mahaly bir awtobus jülgä gaçdy. Paýtagt Yslamabadyň golaýynda bolan bu wakada 23 adamyň ölendigi barada ýerli resmileriň maglumatynda aýdylýar.

Ýekşenbe güni bolan heläkçilikde 60 töweregi adamyň hem ýaralanandygy bellenilýär.

Awtobus heläkçiliginde ölenleriň aglabasy aýallar we çagalar eken.

Resmiler heläkçiligiň näme sebäpden ýüze çykandygy boýunça derňew işlerini alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG