Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Gürjüstanyň prezidenti bilen duşuşdy


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton. Batumi, 05.06.2012 ý.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton. Batumi, 05.06.2012 ý.

Sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen Batumide gepleşikler geçirdi.

Klinton Batumä duşenbe güni giçlik barypdy. Bu onuň Günorta Kawkaz sebitine edýän dört günlük saparynyň çäginde amala aşyrylýar.

Çarşenbe güni Klintonyň Azerbýajana, penşenbe güni hem Türkiýä barmagyna garaşylýar.

Duşenbe güni Ýerewana edýän saparynyň dowamynda, Klinton Dagly Garabag meselesi boýunça Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dawanyň has dartgynlaşmagynyň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG