Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Merkezi Aziýa tranziti boýunça ylalaşyk gazandy


Gyrgyzystanyň Manas harby-howa bazasynda, 2010-njy ýyl.
Gyrgyzystanyň Manas harby-howa bazasynda, 2010-njy ýyl.
NATO ýaranlygy Owganystandaky harby maşynlaryny we beýleki harby enjamlaryny Merkezi Aziýanyň üsti bilen daşamak barada bu regionyň üç ýurdy bilen ylalaşdy. Bu barada NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen sişenbe güni Brýusselde yglan etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmusseniň aýtmagyna görä, ýaranlygyň Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň hökümetleri bilen birnäçe hepdeläp geçiren gepleşiklerinden soňra, ylalaşyklar gazanylypdyr.

“Biz Owganystandaky harby ýüklerimizi daşamak barada Merkezi Aziýadaky üç partnýorymyz - Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen ylalaşdyk” diýip, Rasmussen aýtdy. “Bu ylalaşyklarymyz bize zerur bolan täze mümkinçilikleri we ygtybarly transport ýoluny gazandyrýar”.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen
NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen
Şol ylalaşyklar NATO-nyň harby ýüklerini Pakistandan sowa daşamaga mümkinçilik berer. Pakistan NATO-nyň geçen noýabrdaky hüjümlerinde 24 raýaty ölenden soňra, ýaranlygyň öz territoriýasy arkaly Owganystana ýük daşamagyny gadagan edipdi.

NATO-nyň harby ýükleri daşamak barada Orsýet bilenem ylalaşygy bar. Şeýle-de Moskwa ýaranlyga tranzit merkezi hökmünde Ulýanowsk şäherindäki harby bazasyny ulanmagy teklip edýär.

NATO Owganystanyň howpsuzlygyny 2013-nji ýylda owgan güýçlerine geçirmegi we bu ýurtdaky harbylarynyň aglabasyny 2014-nji ýylyň ahyryna çenli çykarmagy planlaşdyrýar.

Şol bir wagtyň özünde NATO ýaranlygy Pakistanyň petiklän ýoluny täzeden açmagy üçin basyşyny dowam etdirýär. Ol demirgazykdaky ýola garanda gysga we örän arzan hasaplanýar.

Geçen aý Çikagoda geçen summitde Pakistanyň ýük daşalýan ýollary barada haýsydyr bir ylalaşyk gazanylmady. NATO-nyň Baş sekretary Anders Rasmussen bu ugurda tiz wagtda ylalaşyk gazanyljagyna umyt baglaýar.

Pakistanyň daşary işler ministri Hina Har duşenbe güni çap edilen interwýusynda şol ýoluň täzeden açylmagy geçen ýylyň noýabryndaky hüjümlerde pakistanly esgerleriň öldürilenligi üçin Birleşen Ştatlaryň ötünç soramagyna bagly bolup galýar diýdi.

Pakistan özüniň tire-taýpalar tarapyndan dolandyrylýan sebitindäki gozgalaňçylara garşy Amerikanyň pilotsyz ucarlary ulanmagyny köpden bäri tankytlaýar. Duşenbe güni Yslamabat bu hüjümleri “bikanun” diýip atlandyrdy we olaryň Pakistanyň özygtyýarlygyny bozýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG