Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukuly halka uklaýan prezident gerekmi?


Çehiýanyň daşary işler ministri Karel Şwarsenberg
Çehiýanyň daşary işler ministri Karel Şwarsenberg
Çehiýanyň daşary işler ministri Karel Şwarsenberg jemgyýetçilik çärelerinde köp irkilýär. Hatda “Kamikaze” kokteýlini öndürýän firma hem onuň syýasy çekişmede uklap galyşyny görkezýän suratyny özüniň reklamalarynyň birinde "Aýak üstünde köpräk dur!" şygary bilen ulanmaga synanyşypdy. (Emma ol başa barmady).

Geçen ýylyň sentýabrynda Belgradda geçirilen howpsuzlyk forumynda hem onuň irkilip oturyşy fotožurnalistleriň gözlerinden sypmandy.

Indi başga bir wideo 5-nji iýunda Çehiýanyň parlamentiniň aşaky öýünde deputat Deýwid Rat çykyş edýän mahaly 75 ýaşly Şwarsenbergiň yzly-yzyna ymyzganyşyny görkezýär. Rat 7 million kron ($338,000) para alanlykda aýyplanýar.



Bu klipde Şwarsenbergiň kellesi ýuwaşlyk bilen stola tarap gaýdýar, soňra oýanýar. Soňra ol oýaly-ukuly halda ýene gapdala agyp, ekrandan ýitip başlaýar. Rat bolsa yzyndaky komediýadan bihabar çykyşyny dowam etdirýär.

Möhüm çykyş mahalynda daşary işler ministri gözlerini açyp, diňläp oturyp bilenok welin, Çehiýada korrupsiýa beýle adaty zatmyka?

“Transparency International” guramasynyň ýyllyk görkezijilerinde Çehiýa 183 ýurduň arasynda 57-nji orny eýeledi. Hatda bir agentlik Praga gelýän syýahatçylar üçin “korrupsiýa gezelenjini” hem gurnaýar.

Bularyň hem üstesine, Şwarsenberg 2013-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda prezidentlige dalaş etmekçi.

Prezidentlikde ýürek gysgynç oturylyşyklaryň, soňy gelmeýän çykyşlaryň, ukyňy tutdurýan baýrak gowşuryş dabaralarynyň ýokdugy hem gowy zat.
XS
SM
MD
LG