Sepleriň elýeterliligi

Goranmak ministrliginiň Harby instituty


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty studentleri şu aşakdaky tertipde taýýarlaýar:

– motoatyjy bölünmeleriniň dolandyrylyşy – inžener-mehanik, dolandyryş boýunça hünärmen;

– tank bölünmeleriniň dolandyrylyşy – inžener-mehanik, dolandyryş boýunça hünärmen;

– raketa we artilleriýa bölünmeleriniň dolandyrylyşy – inžener-mehanik, dolandyryş boýunça hünärmen;

– inžener goşunlarynyň bölünmeleriniň dolandyrylyşy – inžener-mehanik, dolandyryş boýunça hünärmen;

– goşunlaryň inžener üpjünçiligi – inžener-mehanik, dolandyryş boýunça hünärmen;

– harby aňtaw – daşary ýurt dilini (iňlis we pars) bilýän dolandyryş boýunça hünärmen;

– awtomobil tehnikalaryny ulanmak – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– ýörite niýetlenen telekommunikasiýa ulgamlarynyň ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– howa ulagyny uçuşda ulanmak, döwlet awiasiýasynyň howa hereketleriniň dolandyrylyşy – uçarman-inžener, dolandyryş boýunça hünärmen;

– uçuş apparatlarynyň we olaryň güýç desgalarynyň tehniki ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– uçuş apparatlarynyň ýaraglanyş toplumlarynyň tehniki ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– bort radioelektron toplumlarynyň tehniki ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– uçuş apparatlarynyň elektroulgamlarynyň we pilotaž-nawigasion toplumlarynyň tehniki ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– uçuşlaryň ýerüsti üpjünçilik serişdeleriniň tehniki ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– radiotehniki ulgamlaryň ulanylyşy – inžener-dolandyryş boýunça hünärmen;

– harby pedagogika – pedagog-psiholog;

– harby psihologiýa – psiholog;

– harby hukukçylaryň durmuş hukuk goraglylygy – harby-durmuş hukuklary öwreniji;

– harby işde logistika we ykdysadyýet – logist-ykdysatçy, dolandyryş boýunça hünärmen;

– harby işde maliýe we ykdysadyýet – ykdysatçy, dolandyryş boýunça hünärmen;

– gümrük işi – gümrük işi boýunça hünärmen;

– migrasiýa işi – migrasiýa işi boýunça hünärmen.

Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly.

Maglumatlar “Adalat” gazetiniň 2012-nji ýylyň iýun aýyndaky sanlarynyň birinden alyndy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty Aşgabat şäherinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG