Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda ýurduň iň uly metjidi açyldy


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde ýurduň iň uly metjidi resmi taýdan açyldy. Bu şol regionda bolan ganly etnikara çaknyşyklaryň ikinji ýyl dönümine gabat geldi.

Ýerli özbekleriň we gyrgyzlaryň arasyndaky çaknyşyk 2010-njy ýylyň 10-njy iýunynda döräpdi. Şol wakalarda 400-e golaý adam heläk bolupdy.

Metjidiň açylyş dabarasynda ýurduň prezidenti Almazbek Atambaýew ýygnanan adamlara ýüzlenip, yslamyň “birligiň dinidigini” belläp, Gyrgyzystanyň her bir ýaşaýjysynyň “bir milletiň” wekilidigini aýtdy.

Täze açylan metjitde 20 müň töweregi adam ýerleşip bilýär. Metjit ýerli ýaşaýjylaryň haýyr-yhsan pullaryna, şeýle-de Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň hökümetleriniň hemaýaty bilen bina edildi.
XS
SM
MD
LG