Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda göwreli aýal keselhana barýan mahaly partlamada öldi


Owgansytanda bir göwreli aýal gyssagly ýagdaýda çaga dogurmak üçin, keselhana barýan mahaly, olaryň ulagy köçe ýaka bomba uçrap ýaryldy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Sar-i-pul şäherinde dörän partlamada aýal maşgalanyň başga-da dört sany ýakyny ölüpdir.

Ministrligiň beýanatynda munuň “parahatçylygyň we durnuklylygyň duşmanlary” tarapyndan amala aşyrlandygy aýdylýar. Bu jümle köp halatlarda “Talyban” hereketini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar.

BMG-niň maglumatlaryna laýyklykda, Owganystanda parahatçylykdaky raýatlaryň ölüminiň 80%-ne “Talyban” we onuň ýaranlary sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG