Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik prezidentiniň giýewisi öldürildi


Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmonyň uly aýal doganynyň adamsy Holmumin Safarow

Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmonyň uly aýal doganynyň adamsy Holmumin Safarow

Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmonyň uly aýal doganynyň adamsy Holmumin Safarow 13-nji iýunda ýurduň paýtagty Duşanbede näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürildi. Oňa ýaragdan ençeme gezek ok atylandygy aýdylýar. Bu waka Safarowyň öýüniň golaýynda, onuň metjitden gaýdyp barýan mahaly bolupdyr.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 57 ýaşly Safarowyň ölümi bilen bagly jikme-jik maglumatlary bermekden häzirlikçe saklandy.

Safarowyň Juma atly goňşusy Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men ýaraglaryň sesini eşidip, öýümden çykdym. Men şol ýere ylgajak boldum. Emma beýleki goňşular meni sakladylar. Men ol ýere soňra baryp görenimde, jesediň ýanynda onuň telpegi we mobil telefony bulaşyp ýatyrdy. Ony tanar ýaly bolmasa-da, men ony bir ýerde görenime meňzetdim.

Juma gürrüňini dowam edip, şeýle diýdi: “Ol metjide ýygy-ýygydan gatnaýan adamdy. Ony şol ýerden çykanyndan soň atypdyrlar. Ýaragyň sesi tutuk bolup çykdy. Oňa golaý aralykdan ok atylana meňzeýär.”

Resmiler häzirki wagtda derňew işleriniň dowam edýändigini aýdýarlar.

Maglumata görä, Safarow 2009-njy ýyldan bäri ýurduň elektrik energiýasyna we awçylyk agentligi - “Toçikjangala” ýolbaşçylyk edip gelýärdi.

Täjigistanda prezident Rahmonyň garyndaşlary ýurduň esasy kärhanalaryna we banklaryna ýolbaşçylyk edýärler. Emma Safarowyň uly biznes gatnaşyklaryna dahylly bolmandygy hem aýdylýar.

Safarowyň janyna kast edilen mahaly prezident Emomaly Rahmon ýurduň Sogd regionyna sapar edýärdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG