Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa iki sany ýadro reaktoryny gaýtadan işe girizýär


Şenbe güni Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýoşiko Noda ýurtdaky ýadro reaktorlaryndan ikisiniň gaýtadan işe girizilmegine görkezme berdi.

Geçen ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň kenar ýakasynda ýüz beren ýer yranma we sunami heläkçiliginden soň, atom elektrik stansiýalarynda ýüze çykan tehnogen heläkçiligi sebäpli, Ýaponiýa özüniň ähli ýadro reaktoryny, ýagny 50 sany reaktoryny öçüripdi.

Premýer-ministr Ýoşiko Nodanyň Kýoto şäheriniň golaýyndaky iki sany ýadro reaktoryny täzeden işe girizmek baradaky görkezmesi tomus möwsüminde elektrik energiýasyna bolan islegiň has artýandygy bilen düşündirilýär.
XS
SM
MD
LG