Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý özüniň ilkinji zenan astronawtyny kosmosa uçurdy


Şenbe güni Hytaýyň ilkinji zenan astronawty kosmosa uçdy. 33 ýaşly astronawt zenan Liu Ýang bilen bilelikde bu kosmos gämisinde Hytaýyň ýene iki sany erkek astronawty-da bar.

Bu gämi kosmos giňişligine çykansoň, ol geçen ýylyň sentýabrynda uçurylan başga bir kosmos stansiýasy bilen biriger.

Astronawtlaryň öz güýji bilen kosmos stansiýalaryny birikdirmekleri Hytaýyň kosmos tehnologiýasynda täze bir ädim hasaplanylýar.

Hytaýly astronawtlaryň kosmosda bir hepde töweregi boljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG