Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlary Remezan aýyna gabat gelýär


27-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli Londonda Olimpiada oýunlary geçiriler. Bu oýunlar şu ýyl mukaddes Remezan aýyna gabat gelýär. Olimpiada oýunlaryna üç müňe golaý musulman sportsmenleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Musulman kadalarynda sapardaky musulmanlara ýeňillik berilýär. Käbir musulman alymlary Olimpiada ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Londona barjak sportsmenleriň Gurhanda göz öňünde tutulýan eglişiklerden öz bähbitleri üçin peýdalanmalydygyny aýdýarlar. Musulman sportsmenleriniň köpüsi bolsa orazany birneme gijräk tutmaga taýýardyklaryny aýdýarlar.

Bu ýyl Remezan aýy takmynan 19-njy iýuldan başlanar.

Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Halkara Olimpiýa komitetiniň iýmit boýunça iş toparynyň başlygy, Britaniýanyň Loughborough uniwersitetiniň sport boýunça alymy Ronald Maughan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Halkara Olimpiýa komitetiniň iýmit boýunça iş toparynyň başlygy. Häzir bu iş topary Remezan aýynyň gelmegi bilen, munuň musulman sportsmenleriniň başarnyklaryna nähili täsir ýetirjekdigini seljerýärler. Bu mundan öň beýle içgin seljerilmedik bir mesele ýaly bolup görünýär.

Ronald Maughan: Biz Olimpiýa oýunlarynda sportsmenlere täsir ýetirip biljek ähli iýmit meseleleri bilen gyzyklanýarys. Bu meseleleriň bir hem, elbetde, Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň şu ýylky Remezan aýyna gabat gelmegidir. Biz bir zady belläp geçmeli, her ýyl dünýä boýunça geçirilýän uly ýaryşlar, şol sanda dünýä çempionatlary hem köplenç Remezan aýyna gabat gelýär. Şunlukda musulman sportsmenleriniň Remezan aýy döwründe halkara ýaryşlaryna gatnaşmagynda hiç hili täze bir açyşlyk ýok.

Azatlyk Radiosy: Halkara Olimpiýa komiteti tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ählisiniň 15-nji iýuldan 31-nji awgust aralygynda geçirilmelidigini aýdýar. Munuň netijesinde 2012-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň Remezan aýy bilen gabat geljekdigi görnüp dur. Agzy bekli musulman sportsmenleriniň başarnyklarynyň has pes boljakdygy baradaky aladalar Halkara Olimpiýa komitetinde gozgaldymy?

Ronald Maughan: Elbetde, bu bir möhüm mesele. Sebäbi Halkara Olimpiýa komiteti hiç bir sportsmeniň başarnygynyň pese düşmegini islänok. Oýnuň wagtlary eýýäm öňünden kesgitlendi. Bu hem Londonyň ýerli gurnaýjy komissiýasy tarapyndan bellenildi. Oýunlaryň wagty boýunça islendik aladalar arkaýyn gozgalyp bilnerdi. Emma şol wagt oýunlaryň wagty boýunça hiç hili garşylyk bolmady.

Azatlyk Radiosy: Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir toparlar Olimpiýa oýunlarynyň Remezana gabat gelýändigi sebäpli, oýunlaryň wagtynyň süýşürilmegini teklip etdiler. Beýleki halkara oýunlarynda bu ýagdaýlarda nämeler edilipdi? Musulman tälimçileri ýa-da hut sportsmenleriň özi bu ugurda nämeler diýýär?

Ronald Maughan: Näme närazylyk ýa-da alada bildirilýän bolsa, bu sportsmenleriň özlerinden gelmän, Olimpiýa oýunlaryna dahyly bolmadyk adamlardan çykýar. Belki-de, Remezana professional futbol çempionatlarynyň gabat gelmegi has köp mesele döredýän bolmagy mümkin. Şol bir wagtda Angliýanyň premýer-ligasy, Italiýanyň La Ligasy ýaly uly futbol çempionatlaryna musulman futbolçylary yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Her ýyl hem şol futbolçylaryň oraza tutmalydygy ýa-da tutmaly däldigi baradaky sorag orta çykýar.

Kähalatlarda tälimçiler we dolandyryjylar agyz beklemegiň gereginiň ýokdugyny aýdýarlar. Ýöne, elbetde, dolandyryjynyň şahsyýetiň dini ynanjyna goşulyşmaga hiç bir haky ýok. Menejerler oýunçynyň iş berijisi hem bolsalar, olar diňe sportsmeniň bähbidine işlemeli.

Bärde nygtap geçmeli bir gyzykly ýagdaý bar, haçan-da biz musulman oýunçylaryň özleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar agzy bekli mahaly öňküsinden hem has kuwwatlanýandyklaryny we gowy çykyş edýändiklerini aýdýarlar. Musulman sportsmenleri bu halatda özleriniň has ruhlanýandygyny belleýärler. Oýunçylar oraza tutýan mahalay Hudaýa has ýakynlaşýandyklaryny we özlerinde has köp güýç tapýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Londondaky Olimpiýa oýunlarynynyň Remezan aýyna gabat gelmegi bilen ýaryşyň dowamynda musulman sportsmenleri üçin aýratyn bir taýýarlyk çäreleri görülýärmi?

Ronald Maughan: Oýunlaryň dowamynda jogapkärçilik Londonyň ýerli Olimpiýa komitetiniň üstüne ýüklendi. Olar hem ýagdaýlardan habarly. Şeýlelikde, olimpiýa şäherçelerinde agzy beklemek we gün ýaşandan soň agyz açmak üçin, ýörite taýýarlyklar görüldi. Bu hem ähli ýerlerde ediler. London Olimpiadasyna gatnaşýan her bir musulman sportsmeniniň hajatyny berjaý etmegi üçin ähli çäreler görüldi.

Azatlyk Radiosy: Musulman sportsmenler Olimpiýa oýunlary gutarýança agyz beklemesini gijä süýşürip bilerlermi?

Ronald Maughan: Bu, elbetde, her bir sportsmeniň şahsy karary bolmaly. Şeýle-de, musulman sportsmenleriniň Remezan wagty näme edip ýa-da edip bilmeýändigi boýunça dürli garaýyşlar bar. Käbir sportsmenleriň oýunlaryň geçýän döwri agzyny beklemän, soňundan kazasyny almaklary hem mümkin. Bu hem musulmanlaryň köpüsi tarapyndan kabul edilýär. Belki-de, käbir oýunçylar muny eder. Olar soňra bir gün parzyny berjaý ederler, emma oýun güni agzyny beklemezler. Bu ugurda oýunçylaryň başarnygyna täsir etjek başga zat ýokmuka diýýän. Şunlukda, ähli zat oýunçynyň diňe özüne bagly. Olar bu işiň näderejede möhümdigine we onda näderejede çykyş etjekdigine düşünmeli.
XS
SM
MD
LG