Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow Braziliýada käbir döwlet liderleri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow BMG-niň Braziliýada geçýän halkara konferensiýasynyň çäklerinde birnäçe daşary döwletleriň liderleri bilen gepleşik geçirdi.

Hususan-da, ol Bolgariýanyň prezidenti Rosen Plewneliýew, Wengriýanyň prezidenti Ýanoş Ader we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon dagylar bilen duşuşdy.

Bu duşuşyklarda G.Berdimuhamedow bu ýurtlar bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň käbir perspektiwalary barada pikir alyşdy.

Braziliýanyň Rio de Janeýro şäherinde geçirilýän häzirki konferensiýa dünýäniň durnukly ösüş meselesine bagyşlanylýar. Onda dünýäniň dürli ýurtlarynyň liderleri käbir möhüm syýasy we ykdysady meseleler bilen birlikde, daşky sredany goramak meseleleri barada-da maslahat edýärler.
XS
SM
MD
LG