Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Braziliýada D.Medwedew we R.Kastro bilen duşuşdy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Braziliýada nobatdaky gezek daşary ýurtlaryň käbir liderleri bilen duşuşyk geçirdi.

Hususan-da, ol BMG-niň Braziliýada geçirýän halkara konferensiýasynyň çäklerinde Kubanyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň başlygy Raul Kastro hem-de Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew dagylar bilen duşuşdy.

Aýry-aýrylykda geçirilen bu duşuşyklarda G.Berdimuhamedow bu ýurtlar bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň käbir perspektiwalary barada pikir alyşdy.

Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde dünýäniň durnukly ösüş meselesine bagyşlanyp geçirilýän iki günlük halkara konferensiýa şu gün tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG