Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýada saklanan özüniň Saddam Husseýniň ýegenidigini aýdýar


Anna güni Awstriýanyň polisiýasy özüni Yragyň ozalky diktator lideri “Saddam Husseýniň ýegeni” diýip atlandyran bir adamy tussag astyna aldy.

Awstriýanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri 41 ýaşly bu adamyň ýurduň günortasyndaky Traýskirçen şäherinde polisiýa tarapyndan saklananda, onuň özüniň Saddam Husseýniň ýegenidigini aýdandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, öz ýanynda hiç hili dokumenti bolmadyk bu adam bilen birlikde onuň ýanyndaky iki adam Türkiýäniň üsti bilen Awstriýa gelendiklerini we syýasy gaçybatalga almak isleýändiklerini aýdypdyrlar.

Awstriýanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi aradan kän wagt geçmän, bu gürrüňi edilýän adamyň hakykatadanam Saddam Husseýn bilen garyndaşlygynyň bardygynyň anyklanandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG