Sepleriň elýeterliligi

"Petronas" türkmen talyplaryna stipendiýa hödürleýär


Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurda ýerleşýän “Petronas” tehniki uniwersiteti, oňa girmegiň şertleri we ol ýerde türkmen studentleri üçin ýörite döredilen mümkinçilikler barada bu uniwersitetiň Marketing bölüminiň eksperti Kamal Ezrail bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: “Petronasyň” tehniki uniwersiteti barada informasiýa berseňiz, ol haýsy ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar?

Kamal Ezrail: Biziň ýokary okuw jaýymyzdaky okuw esasan inženerçilik hünärlerine gönükdirilen. Bizde bakalawrdan tä doktorantura derejesine çenli bilim alyp bolýar. Uniwersitetimizde biz esasan himiýa inženerçiligi, mehanika inženerçiligi, energetika inženerçiligi, nebit inženerçiligi ýaly pudaklara üns berýäris. Bizde nebit we geofiziki ylym hünärleri öwredilýär. Munuň üstesine-de, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça bilim berýäris.

Azatlyk Radiosy: Bilşimize görä, türkmen talyplarynyň arasynda siziň ýokary okuw jaýyňyz belli bir meşhurlyga eýe.

Kamal Ezrail: Hawa, hawa bu şeýledir. Sebäbi biziň Türkmenistanyň hökümeti bilen özara düşünişmek we gatnaşyklar boýunça ylalaşygymyz bar. Şol ylalaşyga görä, bizde okaýan türkmen talyplaryna hökümet tarapyndan belli bir maliýe hemaýaty berilýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu aýdan okuw jaýyňyzda, ýagny maliýe hemaýaty berilýän okuwda okamak üçin, türkmen talyplary näme etmeli? Olar nähili prosedurany geçmeli?

Kamal Ezrail: Adatça, maliýeleşdirilýän okuwda okamak üçin, talyp ilki bilen biziň okuw jaýymyza kabul edilmeli. Mundan soň talyp hökümetiň maliýe kömegine ýüz tutmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýokary okuw jaýyňyza girmek üçin, türkmen ýaşlary ilki bilen nämeden başlamaly?

Kamal Ezrail: Biziň uniwersitetimize girmek isleýänler ilki bilen internetde görkezilen giriş arzasyny doldurmaly. Ol biziň websaýtymyzda ýerleşýär. Onuň salgysy: www.utp.edu.my. Şeýle-de, web saýtymyzda okuw bilen bagly başga-da goşmaça maglumatlar ýerleşdirilen.

Şunlukda, talyp arzany doldarandan soň, biz oňa seredýäris. Eger-de ol gowy netijeleri görkezse, mundan soň biz onuň bilen interwýu geçirýäris. Kä halatlarda interwýu üçin biziň özümiz Türkmenistana barýarys, eger-de bu planlaşdyrylmasa, onda talybyň özi Malaýziýa gelip, interwýu tabşyrmaly bolar. Talyp interwýudan geçse, diňe şondan soň ol biziň uniwesitetimize kabul edilýär.

Azatlyk Radiosy: Intwerýu nähili görnüşde amala aşyrylýar, ýazmaçamy ýa-da diňe dilden?

Kamal Ezrail: Hem ýazmaça, hem dilden.

Azatlyk Radiosy: Okuw haýsy dilde alnyp barylýar?

Kamal Ezrail: Ähli sapaklar iňlis dilinde.

Azatlyk Radiosy: Türkmen talyby siziň uniwersitetiňize kabul edilenden soň, ol maliýe kömegini almak üçin näme etmeli?

Kamal Ezrail: Türkmen talyby ähli tapgyrlardan geçip, uniwersitetimize kabul edilenden soň, biz oňa okuwa alnandygy baradaky tassyknamany gowşurýarys. Şeýle-de, mundan soň, biz onuň maliýe kömegine ýüz tutmagy üçin, gerek bolan beýleki goşmaça resminamalaryň sanawyny berýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň okuw jaýyňyza resnimalar haçandan tabşyrylyp başlanýar?

Kamal Ezrail: Biziň ýokary okuw jaýymyza resminamalar her ýyl üç gezek, ýagny ýanwarda, maýda we sentýabrda kabul edilýär. Ýöne biz talyplara resminamalary iki-üç aý öňünden taýýarlap, bize ýollap başlamaklaryny maslahat berýäris. Sebäbi bu diýseň uzaga çekýän proses. Talyp birinji tapgyrdan geçenden soň hem, ol soňundan intwerýu üçin Malaýziýa gelmeli bolup biler. Şunlukda, munuň üçin ýörite talyp wizasyny almaly. Indi öňki ýaly turist wizasy bilen gelip bolanok.

Azatlyk Radiosy: Stipendiýa alyp okaýan türkmen studenlerine maliýe çäklendirmesi barmy?

Kamal Ezrail: Bu san ýyldan-ýyla üýtgäp dur. Bu hökümetiň bize berýän sanawyna bagly. Biz näçe adamyň maliýe kömegini almalydygyny öňünden aýdyp bilemzok.
XS
SM
MD
LG