Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AUCA-da okan türkmen talyby öz tejribeleri barada


AUCA, Bişkek.
AUCA, Bişkek.
Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Merkezi Aziýanyň Amerikan Uniwersitetinde okan türkmen talyby bilen söhbetdeş boldy. Azat atly ýaş ýigit Türkmenistanda näme sebäpden ýokary okuw jaýyna girip bilmändigi, daşary ýurtda okuwa başlanda nähili kynçylyklara duçar bolandygy barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Azat, ine, sen Türkmenistanda orta mekdebi gutardyň. Şondan soň sen näme etdiň?

Azat: Mekdebi tamamlanymda, mende okuwy dowam etdirmäge diýseň uly höwes bardy. Men ýerli okuw jaýlaryna girmäge synanyşdym. Haçan-da bize olara girmek üçin berilmeli para-peşgeş barada aýdylanda, ata-enem muňa garşy çykdy. Garaz, dogrymy aýtsam, bizde olar ýaly puly tampaga mümkinçiligem ýokdy. Soňra käbir tanyşlarym Orsýete gitmegi maslahat berdiler. Emma ene-atam ol ýerini gaty daş hem bulaşyk görüp, meni goýbermediler.

Garaz, men wagtymy boş ýitirmäýin diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky dil merkezlerine gatnap başladym. Ol ýerdäki oglanlaryň biri Merkezi Aziýanyň Amerikan Uniwersiteti barada maňa gürrüň berdi. Ol ýere maliýe hemaýaty esasynda hem okuwa girip bolýandygyny hem aýtdylar. Ýagny, okajak okuwyň, ýaşaýyş jaýyň, beýleki durmuş harajatlaryň hem käbirleri tölenýär eken. Üstesine-de, ol ýerde sapaklar iňlis dilinde okadylýar.

Men şol ýere gitmegi ýüregimi düwdüm. Ýöne ol ýere dokumentleriňi tabşyrmak üçin ilki iňlis diliniň derejesini kesgitleýän TOEFL testini tabşyrmaly eken. Şol döwre çenli men iňlis dilini diňe bir ýyl töweregi öwrenipdim. Garaz, men TOEFL boýunça talap edilýän baly alyp bilmedim. Ýöne men yza tesmek islemedim. Şol okuw jaýynda ýörite taýýarlyk bölüminiň hem bardygyny aýtdylar, men ilki şoňa girmek kararyna geldim. Men okuw üçin tölegi tölemäge ene-atamy razy etmegi başardym.

Azatlyk Radiosy: Azat, sen taýýarlyk bölümine ýazylanyňdan soň, nähili kynçylyklar bilen duçar bolduň?

Azat: Birinjiden, bu maliýe meseleleri boldy. Üstesine-de, men mundan owal daşary ýurtda bolup görmändim, indi hem ýeke özüm nätanyş daşary ýurda barýardym. Nähili hem bolsa, meniň uly hyjuwym bardy. Bar bolan kynçylyklara garamazdan, meniň diýseň okasym gelýärdi.

Iň esasy kynçylyk hem başga ýurduň bilim sistemasy bilen bagly boldy. Sebäbi bu biziňkiden düýpgöter tapawutlydy. Onsoň olaryň okuw sistemasyna öwrenişýänçäm hem belli bir kynçylyklar boldy. Meniň bilen bile okaýan talyplaryň taýýarlyk derejesi meniňkä görä has ýokarydy. Men Türkmenistanda mekdebi gowy bahalar bilen tamamlapdym. Ýöne bu ýokary okuw jaýyndaky ýaşlar bilen deňeşdirilende, meniň bilimim gaty yzdady. Olar maňa garanyňda iňlis dilini, rus dilini, sapaklary hem gowy bilýärdiler. Öwredilýän zatlary-da çalt özleşdirýärdiler. Ýöne meniň anyk maksadym bardy. Maňa kyn düşse-de, beýlekileriň yzyndan ýetjek bolup jan etdim. Köp okadym.

Azatlyk Radiosy: Hawa, Azat sen taýýarlyk bölüminden soň okuwa girmegi başarypsyň. Uniwersitetden soň sen Türkmenistana gaýdyp geleniňde, şol alan bilimiňi ulanyp bildiňmi? Bilim taýdan ýerli ýokary okuw jaýlaryny gutaran talyplar bilen özüňde aratapawut gördüňmi?

Azat: Birinjiden, belläp geçmeli zat, bu, elbetde, ýerli okuw jaýlaryny gutaranlar bilen deňeşdireniňde, meniň has köpräk mümkinçiligim bardy. Ähli ýagdaýlar babatda şeýle diýip biljek däl, ýöne daşary ýurt firmalaryna, halkara guramalaryna işe ýerleşmeli bolanda, meniň mümkinçiligim has uludy.

Ýöne, elbetde, hökümet işine girjek bolsaň, onda bilimiň nähili-de bolsa, ýerli okuw jaýyny gutaranlara artykmaçlyk berilýär. Üstesine-de, olaryň tanyş-bilişleri hem bar.

Meniň hiç kimiň göwnüne degesim gelenok, ýöne ýerli ýokary okuw jaýlaryny gutaran talyplaryň pikirlenme ukyby daşary ýurtlarda bilim alanlar bilen deňeşdirilende juda çäkli. Ýerli ýokary okuw jaýyny gutaranlar köp halatda birtaraply bolup, olarda tankydy pikir ediş ukyby, tankydy kabul etmek mümkinçiligi kämilleşmedik. Men munuň bizdäki berilýän bilimiň derejesine we hiline bagly döreýändigine ynanýaryn. Türkmenistanda beýle zatlar, tankydy pikirlenmek ukyby ýaly zatlar öwredilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana geleniňde nähili kynçylyklara duçar bolduň?

Azat: Ilki bilen-ä, elbetde, başda iş tapmak meselesinde. Sebäbi men ýerli talaplary bilemokdym. Ýöne biraz aýlanyp görenimden soň, men özüme iş tapdym. Eger-de daşary ýurt dilini bilseň, şeýle-de başgaçarak pikirlenip bilýän bolsaň, onda daşary ýurt firmalary seni gujak açyp işe alýarlar.

Ikijnji bir kynçylyk, belki-de, bu alan bilimiň bilen bagly hem däldir, ol propiska meselesi. Eger-de paýtagtda işlejek bolsaň, munuň üçin senden ýörite rugsat hatyny soraýarlar. Muny adaty ýol bilen almak onçakly aňsat hem däl. Bu hem meniň duçar bolan uly kynçylyklarymyň biri boldy.

Azatlyk Radiosy: Azat, indi sen şu ýerde türkmen ýaş oglan-gyzlaryna ýüzlenip, käbir ugrukdyryjy maslahatyňy aýtsaň. Sebäbi seniň özüň hem, ýaňy belleýşiň ýaly, ýerli ýokary okuw jaýlaryna girmekçi bolanyňda, belli bir kynçylyklara duçar bolupsyň. Ýaşlaryň köpüsi daşary ýurda okuwa gitmegiň şertleri barada hem köp zatlary bilenoklar. Sen okamak islegi bolan ýaşlara nämeleri aýdyp bilersiň?

Azat: Dogrymy aýtsam, meniň özüm hem ilkibaşda bu zatlary başarjakdygyma, okuwa girip biljekdigime ynanmaýardym. Men çynymy aýdýan, men öz ýurdumda okamak isläpdim. Ýagny, öýüň, ene-ataň ýanynynda bolsaň, bu, gürrüňsiz, gowy ahyryn. Emma öz ýurdumyzda esasy zat seniň bilimiň däl eken. Men öz ýokary okuw jaýlarymyza girmäge iki gezek synanyşdym. Men ýaňy hem aýtdym, meniň enem-atamyň para berip, meni okuwa salmaga mümkinçilikleri ýokdy.

Meniň ilkinji ädimim iňlis dilini öwrenip başlamagym boldy. Dil bilseň azda-kände gözüň açylýar, daşary ýurt habarlaryna, maglumatlaryna düşünip bolýar. Men okuwa höwesli ýaşlara ýüzlenýärin, ilki bilen öz isleýän ugruňyzy kesgitläň. Göwnüňizde hiç ikirjiňlenme bolmasyn. Özüňizdäki ähli maglumatlary ulanyp, täze zatlary öwrenjek boluň.
XS
SM
MD
LG