Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň sudy oppozisiýa liderini raýatlykdan mahrum etdi


Anna güni Gürjüstanyň sudy belli oppozisiýa lideri, milliarder Bidzina Iwanişwiliniň öz gürji raýatlygyny gaýtadan dikeltmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Bu meselede Gürjüstanyň şikaýat sudy özüniň ozalky kararyny öz güýjünde galdyrdy. Sud ozalky diňlenişikde Bidzina Iwanişwilini Gürjüstanyň raýatlygy baradaky kanunyň düzgünini bozanlykda aýyplap, ony Gürjüstanyň raýatlygyndan mahrum etmek barada höküm çykarypdy.

Suduň şeýle karar çykarmagyna ýakynda Iwanişwiliniň Fransiýanyň raýatlygyny almagy sebäp boldy. Bidzina Iwanişwiliniň özi suduň bu kararyny syýasy matlaba esaslanýan karar diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG