Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington yslamçylaryň Maliniň taryhy ýerlerini ýumurmagyny ýazgarýar


Yslamçy söweşijileriniň Maliniň taryhy ýerlerini ýok etmegini ABŞ ýazgardy.

Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland “Maliniň mirasyny goramaga” çagyryş etdi.

Duşenbe güni Maliniň yslamçy söweşijileri 15-nji asyra degişli Timbuktu metjidiniň girelge gapylaryny weýran edipdiler.

Metjidiň günorta ganatynyň gapysy asyrlar boýy ýapylyp saklanýardy. Ýerli ynanja görä, eger-de şol gapy açylsa, onda bela-beteriň gelmek howpy bar eken.

Asyrlar bäri duran bu metjit musulman sopularyna degişlidi. Emma “Al-Kaýdanyň” ýerli bölümi – “Ansar Dine”, ýagny “Ynanjyň goraýjylary” atly topar muňa budparazçylyk hökmünde garaýardy.
XS
SM
MD
LG