Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Assada garşy has ýiti sanksiýalara çagyrýar


Hökümetiň tarapyny tutýan güýçler tarapyndan öldürilendigi aýdylýan adamlar köpçülikleýin jaýlanýar, Douma, 3-nji iýul.
Hökümetiň tarapyny tutýan güýçler tarapyndan öldürilendigi aýdylýan adamlar köpçülikleýin jaýlanýar, Douma, 3-nji iýul.
Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa Siriýa režimine garşy has ýiti sanksiýalaryň girizilmegine çagyryş edip, Orsýet bilen Hytaýy Siriýadaky çaknyşyklaryň togtadylmagy boýunça tagallalaryň öňüne böwet bolýanlykda tankytladylar.

Anna güni Parižde “Siriýanyň dostlarynyň” maslahatynda çykyş eden Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton, prezident Başar al-Assada we onuň içerki ýaranlaryna garşy sanksiýalaryň kömegi bilen, Siriýada syýasy geçiş boýunça BMG-niň rezolýusiýasynyň kabul edilmegine çagyrdy.

Ol Orsýet bilen Hytaýyň, Assada garşy çäreleriň öňüne böwet bolýandyklary üçin, “muzd tölemeli” boljakdyklaryny hem aýtdy.

Konferensiýa 100-den gowrak ýurduň we Siriýanyň oppozisiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Orsýet we Hytaý duşuşygy boýkot etdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Uiliýam Heýg Klintonyň eden belliklerine goşulyp, Assadyň hökümetine garşy sanksiýalary girizmeýän ýurtlaryň, şeýtmek bilen, adam ölürmeleriň dowam etmegine rugsat berýändigini belledi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland Assadyň gitmeligini aýtdy. Ol Siriýa iberilýän ynsanperwerlik kömekleriniň artdyrylmalydygyny, ýurduň oppozisiýasyna berilýän goldawyň ýokarlandyrylmalydygyny hem nygtady.

Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini gandöküşikleri togtatmak üçin gyssagly çäreleri görmäge hem çagyrdy.

Bölünen we tapdan düşen Siriýa oppozisiýasy bolsa halkara jemgyýetçiligini juda haýal hereket edýänlikde aýyplady.

Siriýa oppozisiýasynyň ençeme liderleri halkara harby herekete çagyryş etdiler. Oppozisiýadaky Siriýanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçysy Hassan Haşimi anna güni Parižde eden çykyşynda Assadyň güýçleriniň graždan ilaty we goşundan gaçan esgerleri nyşana almazlygy üçin bu ýurtda uçuş gadagançylygynyň girizilmeligini nygtady.

Bu aralykda Siriýanyň ýokary derejeli generaly we Assadyň ýakyn ýarany bolan brigada generaly Manaf Tlasyň režimi terk edip, Damaskdan çykyp gaýdandygy habar berilýär.

Adam hukuklary boýunça Siriýa obzerwatoriýasy geçen ýylyň mart aýynda Assadyň režimine garşy gozgalaňlar başlanaly bäri 16,500-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG