Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ýaş sportsmenleri ilkinji medallaryny gazandylar


Russiýa Federasiýasynyň Saha (Ýakutiýa) respublikasynda geçirilýän “Aziýanyň çagalary”atly V Halkara sport oýunlarynda Türkmenistanyň sportsmenleri alty medal gazandylar. Olaryň ikisi kümüş, dördüsi bolsa bürünç medaly diýip, TDH gullugy ýazýar.

Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnalýan bu oýunlar her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu oýunlara Aziýa regionynyň 27 döwletinden 33 komanda gatnaşýar. 2 müňden gowrak ýaş sportsmen sportuň 20 görnüşi boýunça bäsleşýärler.

Türkmenistanly sportsmenler wolleýbol, boks, küşt, erkin göreş we sambo boýunça bäsleşige gatnaşýarlar.

2008-nji ýylda geçirilen “Aziýanyň çagalaryy” atly oýunlarda türkmen sportsmenleri diňe wolleýbol boýunça ýaryşa gatnaşypdylar.
XS
SM
MD
LG