Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa babatda täze rezolýusiýanyň taslamasy taýýarlanyldy


Penşenbe güni Günbatar ýurtlary Siriýadaky meseleler boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna täze rezolýusiýanyň taslamasyny hödürlediler.

Bu taslama Siriýada ýörite parahatçylyk planlarynyň durmuşa geçirilip başlanmagy üçin prezident Başar al-Assada 10 gün möhlet bermekligi we şol möhletde anyk işler durmuşa geçirilmedik halatynda bolsa, oňa garşy sanksiýalary ulanmaklygy göz öňünde tutýar.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Birleşen Ştatlar tarapyndan öňe sürlen bu taslamada harby bolmadyk sanksiýalar göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaý şu çaka çenli Siriýanyň režimine garşy sanksiýalaryň girizilmegine garşy çykyş edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG