Sepleriň elýeterliligi

Halkara ýaryşynda türkmen küştçüleri bürünç medal aldylar


Şu geçen hepde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşynda türkmenistanly küştçi ýaşlar iki sany bürünç medala mynasyp boldular.

Bürünç medala mynasyp bolan bu küştçüler Aşgabadyň şäher sport komitetine degişli küşt sport mekdebiniň ösdürimleri, sport ussatlary Saparmyrat Atabaýew bilen Şanepes Meredow.

Dubaýda geçen bu halkara küşt ýaryşyna dünýäniň 15 ýurdundan 160-dan gowrak küştçüniň gatnaşandygy habar berilýär.

Şu ýyl tomsuň ahyrynda Türkmenistanyň küştçüler topary Türkiýänin Stambul şäherinde küşt boýunça geçiriljek Bütindünýä olimpiadasyna hem gatnaşar.
XS
SM
MD
LG