Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Tremsehde tanklaryň we uçarlaryň ulanylmandygyny aýdýar


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti geçen hepde ýurduň Hama şäheriniň golaýynda tanklaryň we wertolýotlaryň ulanylyp, adamlaryň öldürilendigini inkär etdi.

Damaskda ýekşenbe güni gurnalan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Madkissi uly adam ýitgileriniň bolan ýerinde tanklaryň we uçarlaryň ulanylandygy baradaky maglumatlaryň bütinleý nädogrudygyny nygtady.

Ol bu gürrüňi edilýän ýerde ýaragly söweşijiler bilen bolan çaknyşyklarda hökümet güýçleriniň ulanan iň agyr ýaragynyň granatamýotlardan ybarat bolandygyny öňe sürdi.

Ýerli aktiwistler geçen hepde Tremseh obasynyň golaýynda hokumet guýçlerinin tanklary we wertolýotlary ulanyp, 150-den gowrak parahat ýaşaýjyny öldürendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG