Sepleriň elýeterliligi

Eýran we Türkmenistan söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlanýar


Eýranyň we Türkmenistanyň resmileri iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge söz berdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwdasynyň göwrümini 10 milliard amerikan dollary möçberine çenli ýokary galdyrmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

2011-nji ýylda bu iki ýurduň söwda dolanyşygy 5 milliard amerikan dollary möçberinde alnyp baryldy.

Salehi bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana iki günlük saparynyň soňunda mälim etdi.

Eýranyň söwda boýunça resmileri Türkmenistanyň energiýa we jaý gurluşyk pudaklaryny tehnika bilen üpjün etmäge we tehniki hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyklaryny aýdýarlar.

Eýranyň bu söwda plany Tähranyň ýadro programmasy sebäpli Günbataryň sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat geldi.

Meredow Eýrana Türkmenistanyň “iň ýakyn we gowy goňşusy” diýip baha berdi we sanksiýalar ýaly “çäklendirmeler” iki ýurduň gatnaşyklaryna täsirini ýetirmez diýdi.
XS
SM
MD
LG