Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň paýtagtynda “Saglyk-2012” halkara forumy geçirildi


Şenbe güni Aşgabatda “Saglyk-2012” ady bilen gurnalan halkara sergisi we ylmy konferensiýasy öz işini tamamlady.

Üç günüň dowamynda geçirilen bu çärede Aşgabadyň “Sergi köşgünde” Türkmenistanda we daşary ýurtlarda öndürilen häzirkizaman medisina enjamlarynyň we derman önümleriniň sergisi gurnaldy.

Mundan daşary, dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda häzirkizaman medisinasynyň meseleleri barada ylmy konferensiýa geçirildi.

Bu konferensiýada 13 sany aýry-aýry ugra bölünen toparlar medisinanyň aýry-aýry pudaklaryndaky anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
XS
SM
MD
LG