Sepleriň elýeterliligi

Rahmon: 'Daglyk-Badahşandaky çaknyşyk bes edildi'


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, 10-njy Mart, 2012.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, 10-njy Mart, 2012.


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurduň gündogarynda hökümet güýçleridir gozgalaňçylaryň arasynda turan çaknyşygyň bes edilendigini yglan edipdir.

Täjigistanyň Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynyň başlygy Kodiri Kosiminiň sözlerine görä, prezident bu beýanaty goranmak ministriniň ýolbaşçylygyndaky resmileri gepleşikler geçirmek üçin sebite ýollandan soňra edipdir. Daglyk-Badahşandaky söweşlerde 50 çemesi adam öldi.

Täjik hökümetiniň aýtmagyna görä, 24-nji iýulda Daglyk-Badahşandaky çaknyşyklarda azyndan 12 esger we 30 gozgalaňçy ölüpdir. Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynyň başlygy Kodiri Kosimi Horog şäherinde mergenleriň alty sany asuda ýaşaýjyny öldürendigini aýdýar. Emma bu mergenleriň kimlerdigi anyk däl.

Ýörite operasiýanyň sebäbi

Resmileriň habar bermeklerine görä, hökümet güýçleriniň düýnki ýörite operasiýasy öňki oppozisiýa komandiri Tolib Aýombekowy ele salmak üçin geçirilipdir.

Onuň topary dynç günleriniň dowamynda ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň ýokary derejeli resmisi, general Abdullo Nazarowyň janyna kast etmekde gümän edilýär.

Ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat wekili Nozirjon Buryýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 24-nji iýuldaky ýörite operasiýada 40 çemesi gozgalaňçy, şol sanda Owganystanyň 8 raýaty tussag edilipdir.

Emma Buryýew asuda ýaşajylaryň ölendigi baradaky maglumatlary ýalana çykarýar:

“Gynansak-da, bu operasiýada hukuk goraýjy ofiserleriň 12-si öldi we başga-da 23-si ýaralandy” diýip, ol aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň habar bermeklerine görä, ýörite operasiýa wagtynda ok atyşyklary we partlamalary eşitmek mümkindi.

Kömek işgärleri howpsuz ýerde

Maglumatlara görä, ynsanperwerlik kömegi boýunça halkara guramalaryň işgärleri düýn howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi we ýerli raýatlara işe gitmezlik tabşyryldy.

56 ýaşly general Nazarow 21-nji iýulda sebitiň günortasyna sapar edýärkä, pyçaklanyp öldürildi. Bu soňky birnäçe ýylyň içinde Täjigistanda ýokary derejeli resmä edilen ilkinji hüjüm hasaplanýar. Derňewçileriň pikiriçe, bu ölüm bikanun temmäki biznesi bilen bagly. Temmäki bu sebitiň iň esasy oba hojalyk önümidir.

Resmileriň duşenbe güni aýtmaklaryna görä, general Nazarowy öldürenlikde gümän edilýän iki adam tussag edilipdir.

Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynda 250 müň çemesi adam ýaşaýar. Bu sebit Owganystan, Hytaý we Gyrgyzystan bilen serhetleşýär.
XS
SM
MD
LG