Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Howpsuzlyk güýçleri Žanaözeniň merkezini gurşap aldylar


Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Žanaozen şäherinde 16 adamyň ölümine getiren çaknyşykdan soň, dartgynlygyň gaýtadan emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, şu gün bu şäheriň merkezini gurşap aldy.

Şähere goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň çekilmegine geçen aýda türme tussaglygyna höküm edilenleriň garyndaşlarynyň köpçülikleýin protest çäresini geçirmekleriniň mümkindigi baradaky maglumatlar sebäp boldy.

Türme tussaglygyna höküm edilen nebitçiler geçen ýyl iş şertleriniň gowulandyrylmagyny talap edip geçiren proteslerinde bidüzgünçiliklere ýol berenlikde aýyplandylar.

Žanaözeniň resmileri, bidüzgünçilikleriň öňüni almak maksady bilen, çarşenbe güni bu şähere goşmaça howpsuzlyk güýçlerini çekendiklerini mälim etdiler.

Şu aýyň başynda BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Nawy Pillaý Žanaözene sapar edip, gazak häkimiýetlerini dekabrdaky wakalar bilen bagly garaşsyz hem aç-açan derňewi geçirip bilmändigi üçin tankytlady.
XS
SM
MD
LG