Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ýarag söwdasy baradaky şertnamanyň taslamasy kabul edilmedi


Ýarag söwdasy baradaky ilkinji halkara şertnamasyny düzmek boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen gepleşikler anna güni tamamlandy. Emma bir aý bäri dowam eden bu gepleşiklerde degişli dokument kabul edilmedi.

Konferensiýada başlyklyk eden Argentinanyň wekili Roberto Garsia Moritanyň aýtmagyna görä, bu şertnamanyň soňky taslamasyna birnäçe döwlet garşy çykypdyr. Ol bu gepleşikleriň “garaşylan netijäni” bermänligi sebäpli “çuňňur ötünç” sorady.

Hukuk goraýjy guramalar maslahat edilen dokumentde ilkinji nobatda ok-däri söwdasyny sazlaşdyrýan mehanizmiň ýoklugy sebäpli bu taslamany tankytladylar.

Bu dokumente BMG-nyň Baş Assambleýasynda sentýabr aýynda garalar.
XS
SM
MD
LG