Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasynyň Siriýa boýunça maslahaty yza süýşürildi


Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Siriýa meselesi boýunça ýekşenbe gününe planlaşdyrylan maslahaty ýatyryldy.

Bu maslahatda Siriýada dowam edýän krizis bilen birlikde BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annanyň wezipeden çekilmegi bilen, onuň ornuna täze kandidaturany hödürlemek meselesi barada-da maslahat ediler diýlip garaşylypdy.

Arap Ligasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ahmed Ben Helli ýekşenbe güni Kairde eden çykyşynda maslahatyň birneme yza süýşürilýändigini aýtsa-da, munuň sebäbi barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG