Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-türk gatnaşyklary: planlar we çözülmeli meseleler


Prezident G.Berdimuhamedowy Türkiýäniň aeroportunda türk resmileri garşy alýarlar. 9-njy awgust, 2012.
Prezident G.Berdimuhamedowy Türkiýäniň aeroportunda türk resmileri garşy alýarlar. 9-njy awgust, 2012.
9-10-njy awgust günleri prezident G.Berdimuhamedow Türkiýede iki günlük saparda boldy. Bu saparyň dowamynda häzirkizaman transport infrastrukturasy, hususan-da portlary täzelemek we enjamlaşdyrmak, şeýle-de turizm, syýahat pudagyndaky hyzmatdaşlyklary giňeltmek barada maslahat edilendigi habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda gatnaşyklary geçen ýyl 2010-njy ýyldaka garanda 25 prosent ýokarlanypdyr. Türk kompaniýalary Türkmenistanda ýüzläp proýekte gatnaşýarlar we ençeme milliard dollarlyk işi ýerine ýetirýärler.

Mundan başga, Ankara bilen Aşgabat energiýa hyzmatdaşlygyny hem ösdürmek isleýär. Türkiýe Hazaryň energiýa resurslaryny öz territoriýasynyň üstünden Ýewropa aşyrmaga kömek bermäge taýýardygyny aýdýar. Umuman, iki ýurduň arasynda soňky 20 ýylda dörän hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin uly meýdanyň bardygy aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda, bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň belli bir kynçylyklary hem bar. Bu esasan bitirilen işlere tölenmeli tölegiň dogry amala aşyrylmaýandygy baradaky dawalar bilen bagly. Şeýle-de, Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmen raýatlarynyň kynçylyklary barada habarlar çykýar.

Beýleki tarapdan, türkmen lideri Türkmenistanda maýa ýatyrmak üçin ýeterlik şertleriň döredilýändigini, kanunlaryň kämilleşdirilýändigini-de aýdýar.

Azatlyk Radiosy şu we beýleki meseleler barada pikir alyşmak üçin, Aşgabatdan ozalky transport işgäri Nurberdi Nurmämmedowy, hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewi we Awstriýadan Türkmenistanyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamowy “Tegelek Stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şeýle-de, bu söhbete Gollandiýadaky “Balh türkmen dostlary” atly jemgyýetiň başlygy Meňli Rahymy hem gatnaşýar. Söhbetdeşligi Pragadaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp barýar.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG