Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda jeňçi toparyň ýolbaşçysy häkimiýetlere tabyn boldy


Täjik resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Daglyk-Badahşan regionynda ýurduň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli wekilini öldürmekde aýyplanýan jeňçi toparyň lideri häkimiýetlere tabyn bolupdyr.

Tolib Aýombekow tabyn bolmazyndan öň ýerli telekanallaryň birinde eden çykyşynda regionda asudalygy saklamaklygyň hatyrasyna özüniň dogany hem beýleki ýaranlary bilen bilelikde häkimiýetlere boýun egmäge taýýardygyny mälim etdi.

Täjik resmileri Aýombekowyň Horug şäherindäki keselhanada bejergi alýandygyny aýtdylar.

Aýombekow erkin hem adalat sudda özüniň günäsizdigini subut etmek isleýändigini aýtdy.

Täjik resmileri geçen aýda Daglyk-Badahşanda ýurduň milli howpsuzlyk gullugynyň generalynyň ölümine jogapkärleri ele salmak boýunça ýörite harby oprerasiýa başlapdylar.

Bu regionda ýüze çykan çaknyşyklarda takmynan 70 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG