Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wallenbergiň ykbaly barada söhbet


Şwesiýaly diplomat Raul Wallenberg. 1944 ý.
Şwesiýaly diplomat Raul Wallenberg. 1944 ý.
ABŞ-ly taryhçy Sýuzan Berger Ikinji jahan urşy döwründe on müňlerçe wengriýaly ýewreýleri nasistleriň ölüm lagerlerinden halas eden şwesiýaly diplomat Raul Wallenberg barada içginden barlaglary geçirdi. Wallenberg Sowet Soýuzy tarapyndan ele salnandan soň, onuň kysmaty barada takyk bir maglumat ýok. Wallenbergiň ykbaly Ikinji jahan urşunyň aýan edilmedik iň syrly taraplarynyň biri bolup galýar.

Taryhçy Sýuzan Berger Wallenbergiň durmuşyny öwrenen şwed-rus toparynyň hem düzümine giripdi. Bu topar 2001-nji ýylda dargadylypdy. Şeýle-de Berger Wallenbergiň işi bilen bagly 2009-njy ýylda düzülen toparyň hem agzasy bolupdy.

Azatlyk Radiosy taryhçy Sýuzan Berger bilen söhbetdeş bolup, Raul Wallenbergiň ykbaly barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylyň noýabrynda aýan edilen resminamalara görä, Wallenberg 1947-nji ýylyň 23-nji iýulynda KGB tarapyndan sorag edilene meňzeýär. Şol seneden alty gün öň, sowetler Wallenbergiň ölendigini öňe sürüpdiler. Siz Wallenbergiň ykbalyny bilmekde öňegidişlik gazanyp bildiňizmi?

Sýuzan Berger: Öňegidişlik diýlende bir zady nygtasym gelýär, ýagny Raul Wellenbergiň ykbalyna aýdyňlyk saljak köp sanly resminamalaryň entegem Orsýetiň arhiwinde saklanýandygy aýan boldy. Bu resminamalaryň bardygy şwed-rus toparyna hem aýan edilmändi. Wallenbergiň durmuşyny seljermek üçin 1990-njy ýyllarda döredilen bu topar 2001-nji ýylda dargadylypdy.

Täze resminamalaryň arasynda Wallenbergiň kameradaşy Willy Rodeliň işi boýunça hem köp sanly dokumentler bar. Şwed-rus toparynyň bu barada habary hem bolmandy.

Şeýle-de Orsýetiň Daşary işleri ministrligi Wallenbergiň işi bilen bagly juda möhüm resminamalary mälim etdi. Bularyň arasynda Sowet Soýuzynyň Stokgolmdaky ilçihanasy bilen Daşary işler ministrliginiň özara alşan hatlary hem bar. Öň bu resminamalary öwrenmäge ygtyýar ýokdy. Gürrüňi gidýän bu resminamalaryň uly ähmiýeti bar. Ýaňy hem belleýşim ýaly, öň biz bularyň aglabasyndan bihabardyk. Biz bu dokumentleri içginden öwrenmän, Wallenbergiň ykbaly barada häzirlikçe anyk hiç zady aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, ors resmileri bu möhüm taryhy resminamalary aýan etmän, Wallenbergiň ykbaly boýunça alnyp barylýan işe päsgelçilik döretjek boldularmyka?

Sýuzan Berger: Bu taýda iň uly jedel ençeme anyk soragyň daşynda aýlanýar, ýagny bular: “orslar hakykaty bilýärlermi?”, “Orsýetde bolup geçen zatlardan kim habarly?” ýa-da “Bu meseläniň çözgüdi barmy?” diýen sowallar. Meniň pikirimçe, käbir arhiw işgärleriniň Raul Wallenbergiň işi bilen bagly başga goşmaça resminamalaryň ýokdugyny bellemegi hakykat bolup biler. Ýöne şol diýilýän resminamalaryň asyl görnüşini öwrenmäge bize ygtyýar berlenok, bu hem uly mesele. Bu ýagdaý hökmany üýtgäýmeli. Biz heniz hem 1940-njy ýyllardaky Budapeştde we Stokgolmda alnyp barlan aňtaw işleri bilen bagly maglumatlary görmedik. Biz şol aňtaw resminamalaryny seljermezimizden ozal, Wallenbergiň ykbaly barada anyk bir zady bilýändiris diýip bilemzok. Bu hakykatdan hem uly bir mesele. Ýagny, Orsýet dogrudan hem nämäniň bolup geçendigini bilýärmi? Men bir zady ynamly aýdyp biljek, bu iş boýunça entek öwrenmeli taryhy resminamalar bar. Wallenbergiň işini öwrenýän alymlaryň bir netijä gelip bilmegi üçin, bu resminamalar hökman seljerilmeli.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň 2009-njy ýylyň noýabrynda aýan eden resminamalaryndan belli bolşuna görä, Wallenberg öldi diýilýän senesinden has soň ölüpdir. Eger-de Orsýet hyzmatdaşlyk etmek islemeýän bolsa, onda näme üçin Moskwa şol resminamalary äşgär etdi?

Sýuzan Berger: Bu barada bir zat aýtmak juda kyn. Ýöne esasy belläp geçmeli zat, bu şol resminamalaryň nähili ýagdaýda äşgär edilmegi bilen bagly. Biz Lýubýankadan şol anyk gün geçirilen soraglaryň mazmuny bilen tanyşmak üçin ygtyýar soradyk. 22-23-nji iýulda Wallenberge ol ýa-da bu görnüşde dahylly bolan köp sanly adam soraga çekilipdir. Diýmek, şol gün ýa-da şol iki gün bir möhüm zat bolan bolmaly.

Ýöne şol günler soraga çekilen adamlaryň doly sanawy bize hiç haçan berilmedi. Biz olardan “gaýrat ediň, bize şol geçirilen soraglaryň düzedilmedik mazmunyny beriň” diýip, köp haýyş etdik. Olar bize diňe bir sahypanyň nusgasyny hödürlediler. Onda diňe Wilmos Langfelderiň we Sandor Katonanyň atlary görkezilendi.

Şunlukda, bu ugurdaky tagallalar ýene-de dowam edýärdi. Biz mazmuny üýtgedilmedik, asyl resminamalary talap edýärdik. Netije-de aýlara we ýyllara çeken gepleşiklerden soň, Orsýetiň FSB-si bize ahyrsoňy ýene bir resminamany hödürledi. Onda 23-nji iýulda 16 sagat sorag edilen Langfelderden we Katonadan başga-da, 22-nji iýulda “ýedinji tussag” ady berlen bir adamyň sorag edilendigi nygtalýar. Başga-da käbir ýagdaýlar nazara alnyp netijä gelinse, onda şol adamyň Raul Wallenbergdigini aýtmak bolar.

Biz bu maglumatlary 2001-nji ýyla çenli bilmeýärdik. Şunlukda biz bu netijä şol resminamanyň kömegi bilen geldik. Näme üçin FSB bu maglumaty aýan etdi? Munuň iki sebäbi bolmagy mümkin.

Birinjiden, mundan öň hem “ýedinji tussag” atly adamyň Wallenbergiň bolmagynyň mümkindigi barada gürrüňler bolupdy. Ýöne biz “ýedinji tussagyň” sorag edilenleriň sanawyna goşulandygy barada bir resminamanyň bardygyndan bihabardyk. Bu barada ors resmileri-de hiç zat aýtmandylar.

Meniň çakymça, Orsýet edilen basyşlaryň esasynda bu maglumaty aýan eden bolmaly. Garaz, “maglumat” diýenimde, olar doly göwrümli we anyk informasiýany bermän, diňe öň edilen gürrüňleri tassyklaýan bir habary syzdyrdylar.

FSB-niň nämeden ugur alyp, bu maglumaty aýan edendigi barada belli bir zady aýtmagam kyn. Sebäbi olar bize doly göwrümli maglumaty berenoklar ahyryn. Bärde “näme üçin?” diýen sorag döreýär. Resmi düşündirişe görä, şol maglumatlarda başga-da ençeme şahsyň ady geçýär, eger-de dokumentler aýan edilse, onda şol adamlaryň hem şahsyýeti orta çykar. Meniň pikirimçe, nähili hem bolsa, bu kynçylyklary özara düşünişip çözüp bolardy. Bular ýaly ýagdaýlara beýleki ahriw dokumentleri bilen işleşilende hem duş gelinýär. Beýle çäreler ähli ýerlerde-de edilýär. Bu bir ykrar edilen prosedura, biz hem olara görä hereket etsek, ýerlikli bolardy.

Azatlyk Radiosy: Wallenberg öldi diýlip yglan edilenden soň, onuň käbir ýerlerde görlendigi barada hem maglumatlar bar. Bular näderejede ygtybarly?

Sýuzan Berger: Wallenbergiň 1947-nji ýyldan soň ölmän diri galandygyna güwä geçýän häzirlikçe hiç hili resmi maglumat ýok. Ýöne şol bir wagtyň özünde, şaýatlaryň berýän gürrüňleri hem nazara alnyp, bu maglumatlar seljerilmeli.

Häzir Wallenbergiň resmi taýdan öldi diýilýän gününden hem soň ýaşandygyny görkezýän resminamalaryň orta çykmagy bilen, bu çaklamalara başgaça garalyp başlanar. Iň bärkisi olar täzeden seljeriler.

Raul Wallenbergiň 1947-nji ýylyň iýulynda öldürilen hem bolmagy mümkin. Belki-de, ol uzak ýyllaryň dowamynda ýekelikde tussaglykda saklanandyr. Eger-de ol 1947-nji ýylyň iýulyndan soň aman galan bolsa, onda bu öz gezeginde başga soraglary döredýär.
XS
SM
MD
LG