Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: oppozisiýa liderlerine garşy sud işi başlandy


Penşenbe güni Gazagystanyň Aktau şäheriniň sudunda belli oppozisiýa liderleri Wladimir Kozlowa, Serik Sapargalä we ýerli aktiwist Akžanat Aminowa garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Resmi taýdan registrasiýa edilmedik “Alga” oppozision partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow we beýleki iki aktiwist bikanun topar döretmekde, ilat arasynda sosial ýigrenji öjükdirmekde hem-de konstitusion häkimiýeti güýç bilen agdarmaklyga çagyryş etmekde aýyplanýarlar.

Wladimir Kozlow we onuň egindeşleri bu bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan toslama aýyplama diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG