Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador Assanja gaçybatalga berdi


“Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Jullian Assanj
“Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Jullian Assanj

Penşenbe güni Ekwador döwleti “Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Jullian Assanja syýasy gaçybatalga berendigini mälim etdi.

Mundan öň, Jullian Assanj Şwesiýa ekstradisiýa edilmeginden howatyr edip, 19-njy iýundan bäri Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda gizlenipdi. Şwesiýada Assanja jynsy zorluklar boýunça aýyplama ýöňkelýär.

Assanjyň we onuň tarapdarlarynyň pikiriçe, eger-de Assanj Şwesiýa ekstradisiýa edilse, onuň soňra, “Wikileaks” saýtynyň ABŞ-nyň gizlin diýilýän diplomatik telegrammalaryny köpçülige ýaýradanlygy sebäpli, ABŞ-a tabşyrylmak howpy bar.

Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea Assanja özüniň duýgudaşlygyny bildirdi.

Ekwador J.Assanja syýasy gaçybatalga berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00

Ekwadoryň daşary işler ministri Rikardo Patino çarşenbe güni çykyş edip, Britaniýanyň Assanjy ele salmak üçin Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyna hüjüm edip biljekdigini duýdurandygyny mälim etdi.

Patino: “Britaniýa bize şu gün haýbat atdy. Olar, eger-de Ekwador Assanjy bermekden boýun gaçyrsa, onda onuň Londondaky ilçihanasyna hüjüm edilip bilinjekdigini açyk görnüşde duýdurdylar” diýdi.

Patino Ekwadoryň Britaniýanyň koloniýasy däldigini hem sözüne goşdy. Ol: “Biz Britaniýanyň koloniýasy däldigimizi açyk nygtamak isleýäris. Kolonial döwür eýýäm tamamlandy. Ekwador jenap Assanja syýasy gaçybatalga bermek meselesi boýunça eýýäm belli bir netijä geldi”.

Britaniýa muňa täsir bildirip, jogap bermedi. Emma Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili “Britaniýanyň Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmek kararyna gelendigini” belledi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan hatynda nygtalyşy ýaly, ýurduň kanunçylygyna görä, eger-de daşary ýurduň wekilhanasy bölünip berlen ýerde özüniň alyp barýan missiýasyna we konsullyk wezipelerine laýyk gelmeýän hereket etse, onda binanyň diplomatik derejesi ýatyrylyp bilinýär.

Diplomatik wekilhanalar daşary ýurduň territoriýasy hökmünde häsiýetlendirilýär we Halkara hukugy tarapyndan goralýar.
XS
SM
MD
LG