Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edildi


Dagystanyň Tsunta etrabynyň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edilende bir ors esgeri öldi.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň esgerleri tarapyndan goralýan bu barlag-gözegçilik nokadyna “näbelli topar awtomatiki ýaraglar bilen hüjüm edipdir”.

Resmiler hüjümiň duşenbe güni irden bolandygyny aýdýarlar. Bu waka boýunça derňew başlandy.

Mundan birnäçe sagat ozal, Dagystanyň Hasawýurt regionynda hem harby kerwene hüjüm edilipdi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşetiýada we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG