Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putine garşy hüjüm taýýarlan Osmaýew Gürjüstana ýüz tutmakçy


Şu ýylyň başynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň janyna kast etmäge taýýarlyk görenlikde aýyplanyp, Ukrainada tussag edilen Adam Osmaýewiň Gürjüstandan syýasy gaçybatalga soramagynyň mümkindigi aýdylýar.

Çarşenbe güni Adam Osmaýewiň nikalaşmadyk aýaly Amina Okuýewa ukrain telewideniýesine beren interwýusynda öz ýanýoldaşyna Gürjüstanyň gaçybatalga bermedik halatynda, onuň Finlýandiýadan gaçybatalga soramagynyň mümkindigini aýtdy.

Çeçen milletinden bolan Adam Osmaýew şu ýylyň fewralynda Ukrainanyň Odessa şäherindäki bir kwartirada elde ýasalan bombanyň tötänleýin partlamagynyň yzýany tussag edilipdi.

Şol tötänleýin partlamada onuň ýaranlarynyň biri ölüp, beýleki biri agyr ýaralanypdy. Orsýetiň häkimiýetleri Adam Osmaýewiň Orsýete ekstradisiýa edilmegini isleýär.
XS
SM
MD
LG