Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda “soýuzdaş dälleriň hereketiniň” sammiti açyldy


Ýekşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan topara degişli ýurtlaryň sammiti açyldy.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bu sammitiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda 120 ýurdy öz içine alýan bu guramanyň wekillerini siwilizasiýalaryň arasyndaky dialoglary ösdürmeklige çagyrdy.

Şeýle hem, ol “kesekileriň içerki işine goşulmak boýunça egoistik syýasat alyp barýanlar” babatda hüşgärligi elden bermeli däldigini nygtady.

Mundan daşary, Ali Akbar Salehi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň artýan täsirleri barada durup geçip, bu guramanyň işiniň reformirlenmegine zerurlygyň bardygyny aýtdy.

Bu sammitiň çäklerinde Eýran Siriýa babatynda parahatçylyk planynyň proýektini-de hödürlär diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG