Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz protestçileri Belarusyň ilçihanasyna hüjüm etdiler


Belarusyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy. 2012 ý.

Belarusyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy. 2012 ý.

Gyrgyzystanda Belarusyň Bişkekdäki ilçihanasyna hüjüm edildi. Protestçiler ozalky gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň Belarusdan eksdradisiýa edilmegini talap etdiler.

Sişenbe güni bolan wakada käbir protestçiler ilçihana daşlary zyňyp, binanyň aýnalaryny döwdüler.

Demonstrasiýa gelenleriň arasynda 2010-njy ýylda hökümete garşy geçirilen protestde öldürilenleriň maşgala agzalarynyň hem bardygy aýdylýar. 2010-njy ýyldaky tolgunşyklarda prezident Bakyýew wezipesinden çetleşdirilipdi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Andreý Sawinikiň beren maglumatyna görä, Belarus gyrgyz resmilerinden Bişkekdäki ilçihanasyny gorag astyna almaklaryny talap edipdir.

Geçen anna güni Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi özüniň Minskidäki ilçisini yzyna çagyrypdy. Bişkek Minskide ýaşaýandygy çak edilýän, Kurmanbek Bakyýewiň doganynyň eksdradisiýa edilmegini sorapdy. Belarus tarapy bu haýyşy duşundan geçirdi.

Minskide Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň suraty alyndy.

Minskide Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň suraty alyndy.

Minskide ýaşaýan blogger Mihaýil Paşkewiçiň aýtmagyna görä, ol 17-nji awgustda Minskide Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň suratyny alypdyr.

Kurmanbek Bakyýew hökümete garşy protestler möwç alandan soň, 2010-njy ýylyň aprelinde ýurdy terk edip, Belarusa gaçyp barypdy. Ol heniz hem şol ýerde ýaşaýar.

Häkimiýetden çetleşdirilen prezidentiň dogany Janyş Bakyýew, ýene-de 20 gowrak öňki hökümetiň wekilleri gaýybana sud edildi.

Olar 2010-njy ýylda geçirilen hökümete garşy protestde ýaragsyz adamlara garşy ot açmakda ýa-da şeýle görkezmäni bermekde aýyplanýarlar.

Şol wakalarda 90 adam heläk bolup, 400-e golaýy hem ýaralanypdy. Alan ýaralaryndan ölen adamlaryň sany 12-ä ýetdi.

Kurmanbek Bakyýewiň başga bir dogany Akmat geçen ýylyň awgustynda 7.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol köpçülikleýin tolgunşyklary we howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümleri gurnamakda günäli tapylypdy.

Emma, ol şu ýylyň mart aýynda saglyk ýagdaýy sebäpli saklanylýan keselhanasyndan ýitirim boldy. Onuň häzir nirededigi näbelli.
XS
SM
MD
LG